Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yssy howa bedenimize nähili täsir edýär we ýokary temperaturanyň organizme ýaramaz täsirinden nädip goranmaly

0
41952

Türkmenistanda tomus pasly — diňe bir adaty dynç alyş möwsümi ýa-da miwedir gök önümleriň bol hasylly döwri däl. Bu yzygiderli birnäçe aýlap dowam edýän ýokary temperaturaly möwsümdir. Esasanam, bu döwürde yssy howa şäherleriň ýaşaýjylary üçin az-kem kynçylyk döredip bilýär, has takygy asfaltyň we betonyň gyzmagy netijesinde daşky gurşawyň temperaturasy hem ýokarlanýar, şeýlelikde bolsa howadaky kislorodyň derejesi pese düşýär. Munuň üstesine howanyň çyglylygy ýokarlanan halatynda howa hasam oňaýsyz ýagdaýy döredýär.

Adam beden agzalary, takmynan, 37 gradus temperaturada kadaly işlemäge uýgunlaşandyr. Bedenimiz daşarky dünýä ýylylygy bölüp çykarýar, şonuň üçinem howanyň temperaturasy 30 gradusdan ýokary göterilse, bedenimiziň işleýşine rahatsyz bolýar. Tomusda, yssy howada akyl işjeňligi ýaramazlaşýar, ýygy-ýygydan kellagyry, ukusyzlyk ýüze çykýar, munuň ýaly ýagdaýda adam tiz gaharlanýar we şol bir wagtyň özünde ünsi tiz bölünýär.

Yssy howa şertlerinde adamyň bedeni tiz gyzýar we gan damarlary daralýar, bu bolsa basyşyň peselmegine getirýär. Ýüregiň urşunyň tizligi ýokarlanýar, sebäbi bedene gany tiz ýetirmek bilen, ýüregiň işjeňligi güýçlenýär. Sowamak üçin beden ganyň deriniň ýüzüne golaý çykmagyna sebäp bolýar, şunlukda hem sowamagy işjeňleşdirýän der bölünip çykýar.

Deriň bölünip çykmagy, bir tarapdan, howanyň ýokary temperaturasynyň bedene edýän täsirlerini ýeňip geçmäge kömek edýär, beýleki bir tarapdan bolsa, duzlaryň we suwuklyklaryň azalmagyna sebäp bolýar. Netijede ýüz çykýan suwsuzlyk bolsa, gan basyşynyň peselmegi bilen, başyň aýlanmagyna, ýürek bulanma we gözüň garaňkyramagyna getirýär. Çyglylygy ýitirmezlik üçin böwrekler suw tygşytlaýjy ýagdaýa geçýär, bu bolsa köplenç aýaklaryň çişmegine sebäp bolýar.

Surat: ru.freepik.com

Howanyň temperaturasy 40 derejeden ýokary bolsa, beden öz-özüni sowatmak ukybyny ýitirýär. Bu temperaturada uzak dursaňyz, Gün urup bilýär. Onuň alamatlary bolsa — kellagyry, ýürek bulanma, aljyraňňylyk, huşsuzlyk, özüňden gitmek we ş.m ýagdaýlardyr.

Türkmenistanda uly ýaşlylaryň köpüsi ýokary temperatura bilen öwrenişendir, emma bu çagalar, esasanam, has kiçi ýaşlylar, şeýle-de ýaşuly adamlar, ýürek we gan damarlary, süýji keseli bilen kesellänler üçin kynçylyk döredip, olar yssyda uzak duran ýagdaýynda Gün urma sezewar bolup bilýärler.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, çyglylygyň pes ýagdaýynda hatda 40 gradus yssa hem çydamak o diýen bir kyn däldir. Türkmenistanda tomus paslynda adatça bolşy ýaly, beýle yssy howa derejesinde howanyň çyglylygynyň derejesi ortaça 20 göterimden pesdir. Has ýokary çyglylykda bolsa yssa çydamak has kyn bolýar, sebäbi adam bedeni tiz derleýär we bedeni sowadyp ýetişmeýär.

Günorta giňişliklerde ýaşaýanlaryň bedenlerinde demirgazykda ýaşaýanlara garanyňda has köp der demir elementleriniň bardygy bellärliklidir: ewolýusiýa taýdan ekwatorial sebitleriň, çölleriň, tropiki ýerleriň we subtropikleriň ýaşaýjylary orta temperaturalarda ýaşaýanlara garanyňda ýokary temperatura has gowy uýgunlaşýarlar.

Güne ýanmagy halaýanlar, bu hili ýagdaýlarda saglyklaryna howp salyp bilerler. Güne ýanmak diňe bir ýakymsyz bolman, eýsem saglyga zyýanly bolup biler, munuň esasanam bedeninde köp meň bolan adamlar üçin zyýanlylylyk ähtimallygy uludyr. Gün radiasiýasynyň täsiri astynda bularyň haýsysynyň zyýanly çişe öwrülip biljekdigini öňünden kesgitlemek mümkin däl, üstesine-de, Günüň astynda bolýan wagtyna gözegçilik etmeýänlerde hemişelik güne ýanmak sebäpli deriniň erbet keseliniň ýüze çykmagy bolup biler. Güne ýanmak aýratynam çagalar üçin has howpludyr. Bu meselede has aşa köp güne ýanmak, deriniň guramagy we tegmilleriň döremegi zyýansyz görünýär. Deriniň ýüzüniň 50%-den gowragynyň güne ýanmagy hassahana düşmäge çenli eltip biler.

Surat: pixabay.com

Tomsuň yssy günlerinde köp suw içmeli. Şol bir wagtyň özünde, gazlandyrylan süýji tagamly içgileri içmekden saklanjak bolmaly. Olaryň düzümindäki şeker bedeniň goşmaça ýylylyk öndürmegine getirýär, bu bolsa diňe yssyny duýmagyňy güýçlendirýär. Doňdurma hem edil şonuň ýaly täsir edýär — gysga wagtlyk ýüregimi sowadaýyn diýip, sowuk nahar iýmek ýa-da sowuk içgi içmek az wagtyň geçmegi bilen yssyny has ýokary derejede duýmaga getirip bilýär. Beýle ýagdaýda az-kem sowadylan suw, sowan limonly gök çaý içmek iň gowusydyr.

Has yssy howada gaty açyk eşik geýmek hem maslahat berilmeýär — 40 gradusdan ýokary temperaturada onuň kän bir tapawudy hem duýulmaz, ýöne Güne ýanmak bolsa örän mümkindir. Başgap geýmek ýa-da saýawan götermek, olaryň hem açyk reňkdäkilerini ulanmak iň oňaýlysy bolar.

Eger ýanyňyzda biri yssy howa sebäpli kösenýän bolsa, ony kölege ýere eltip, aýaklaryny birneme ýokary galdyryp ýatyrmalydyr, kellesiniň aşagyna bolsa sowuk suwdur ş.m zat goýmaly, soňra bolsa az-kem sowadylan suw owurtlatmaly. Eger bir adam özünden gidip, 30 minutdan gowrak wagtlap özüne gelmese, haýal etmän tiz kömegi çagyrmalydyr.

Günorta giňişlikleriň ýaşaýjylary ýokary kuwwatlykly howa sowadyjylaryň kömegi bilen yssydan gutulmaga öwrenişen. Howa sowadyjy öýde ýa-da işde iň oňaýly temperaturany saklamaga ýardam edýär, ýöne ondan hem ýerlikli peýdalanmalydyr — temperaturanyň tiz pese düşmegi ýa-da sowuk howa akymynyň aşagynda uzak wagtlap oturmak köplenç halatda sowuklama sebäp bolýar. Howa sowadyjynyň zyýanly täsirlerinden nädip goranmalydygyny bolsa şu makaladan tanşyp bilersiňiz.

Yssy howadan goranmagyň subut edilen usullary arkaly organizmimiziň oňaýsyz howa şertlerine uýgunlaşmak ukybyny ösdürmek türkmen tomusynyň yssy howaly bäş aýyny saglygymyza zyýan ýetirmezden, hatda lezzet alyp geçirmäge mümkinçilik berer.

Peýdalanylan çeşmeler: bbc.com; gismeteo.ru; konoshskayacrb.ru 

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar