Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dynç alşy öýde geçirmek: ýüregiňi gysdyrmajak ideýalar

0
44625

Tomusky dynç alşyňy deňziň kenarynda güneşläp geçirmäge derek, dört diwaryň içinde bir zatlara dümtünmeli bolaryn diýip alada galmagyň o diýen bir zyýanam ýok. Iň esasy bilmeli zat — «dynç alýan» diýen düşünjede bolmak bilen, gündelik aýlanyp-gaýtalanyp duran adatylykdan saplanmagy başarjak bolmaly. Onsoň, göwnüňi galkyndyryp, etsem-petsemleriňi aýyl-saýyl etseň, öýde-de edil deňiz bolmasa-da, şonuň bäri ýany dynç alyp bolýandyr.

Dynç alyş günlerinde içiňi gysdyrýan ýagdaýlara ähmiýet bermez ýaly, birnäçe ýönekeý maslahatlary paýlaşýarys.

Ähli zady hakydaňa aýlamak! Bu soň ederin diýip goýan hem-de ýetişmedik işleriňizdir. Mysal üçin, öýde dynç alýan döwrüňiz maşgala fotoarhiwini saýhallamak, teletapgyrlara tomaşa etmek, kitap okamak, öýi birkemsiz ýygnaşdyrmak we gerekmejek zatlary zyňmak ýaly işlere gümra bolup bolar. Şeýle-de ene-ataňy çagyryp, dostlaryň bilen oturyşlyk gurap bolar.

Täzeräk zadyň başyna barjak boluň. Birnäçe hepdeläp daşky gapyň reňkini ýadyňdan çykaryp ýaşamak käbir has netijeli, meselem, täze başarnyklary kämilleşdirmek üçin tüýs berlen wagt. Muny barlap görerin diýseňiz, ozal hiç edip görmedik güýmenjäňizden başlaň: tans etmek, ýoga, tennis, saýkling, surat çekmek we ş.m.

Özüňe gümra bol. Bu işleriň hataryna fitnes zalda sport bilen meşgullanmagy, säher turup ylgamagy, welosiped sürmegi, öý şertlerinde türgenleşmegi we ş.m goşmak bolýar. Mundan başga-da, öz keşbiň aladasy bilen SPA merkezlere ýazylyp, bedeniňe, ýüz keşbiňe ideg etseňem bolar.

Şäherimizde dynç alar ýaly gyzyklyja ýer gözläliň: kinoteatr, sahna oýunlary, konsertler, sergiler, jemgyýetçilik çäreleri we muzeýler. Şäher içinde, ýa bolmasa-da şäheriň çetinde maşgaladyr dostlaryň bilen piknige gitmäge ýer, şeýle-de açyk suw howdanlary hökman bolaýmaly. 

Dynç alyşda öýde ýene nämelere güýmenip boljak? Birnäçe ideýalar:

  • gowy edip ukyňy almak;
  • ýaramaz endikleriňden dynmak;
  • dynç alýan aýyň dowamynda aram-aram birki günläp hiç zat etmeli däl;
  • eurata düşüň, fotosessiýa guraň özüňize;
  • dükanlara aýlanyň, şähdiňiz açylar;
  • haýsydyr bir täze, adaty bolmadyk, iýip görmedik naharyňy bişirmegi öwren.

Makalamyzda ýetirilen maslahatlaryň ählisem gowy endikler, emma muny bir jümle bilen jemlemeli bolsa, «özüňize täze we adaty bolmadyk gün tertip dörediň» diýip jemlesek, has ýerlikli bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: kubnews.ru; r19.ru; gubdaily.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar