Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňzi barada 30 sany täsin fakt

0
108678

Hazar deňzi — Wolga derýasyny hasaba almanyňda, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk özboluşly ekoulgamdyr. Ol özünde deňziň duzlulygyny, ýerasty tebigaty babatda hem deňziň tebigatyna kybap gelýän alamatlaryny jemleýän dünýäniň iň uly köli hasap edilýär.

Bu makalada şu aşakda görkezilýän aýratynlyklar Hazar deňzi baradaky täsin faktlardyr:

1. Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamydyr.

2. Iň ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan ýer: Baýkal (Russiýa) — 1620 metr, Tanganika (Afrika) — 1435 metr, Hazar deňzi — 1025 metr;

3. Ortaça çuňlugy 208 metr töweregi;

4. Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre barabar;

5. Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyz. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi. Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar;

6. Hazara 130 derýa akýar. Deňizdäki lagym suwlarynyň takmynan 70% -ini Russiýanyň iň uly Wolga derýasy getirýär (uzynlygy 3530 km);

7. Hazar deňzinde 50 sany ada bardyr. Türkmenistanyň çägine degişli iň uly ada — Ogurjaly adasydyr;

8. Kenar ýakasynda ululy-kiçili aýlaglar bar. Bu ýerdäki jemi 16 aýlagyň köpüsi birnäçe million ýyl ozal döräpdir;

9. Hazaryň kenarynda ilkinji adamlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar;

10. Deňiz suwunyň doly täzelenmesi her 250 ýyldan bir gezek bolup geçýär;

11. Garabogaz köl aýlagy Hazaryň iň uly we täsin aýlagydyr. Onuň duzlulygy 200%-e ýetýär;

12. Hazar deňziniň ýaşy 6 million ýyl diýlip hasaplanylýar;

13. Hazar, Gara, Azow deňizleriniň we Aral deňziniň, şeýle-de wengerleriň Balaton kölüniň döremeginiň esasy çeşmesi gadymyýetde bu ýerde bolan Tetis ummanydyr;

14. Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda Hazar deňzi dürli halklar tarapyndan dürli hili atlar bilen atlandyrylypdyr. Bu deňzi müsürliler — Jürjan, hytaýlylar — Sihaý, eýranlylar — Kolzum, hindiler — Worukaşa, türkmenler — Gukkuz, gazaklar bolsa Aturaw diýip atlandyrypdyrlar;

15. Deňiz Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşýär;

16. Hazar deňziniň kenary 5 ýurtda bardyr — Türkmenistan, Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan hem-de Eýran;

17. 2000-nji ýyllara çenli dünýädäki gara ikranyň önümçiliginiň 90%-i Hazar deňzinden alynýardy;

18. Hazaryň ilkinji jikme-jik maglumatlary özünde jemleýän ygtybarly kartasy 1719-njy ýylda Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasyndan soň düzülipdir;

19. 1921-nji ýylda bu ýerden tejribeli balykçylar agramy 1200 kilograma deň bolan beluga balygyny tutdular;

20. Hazar nebite we gaza örän baý deňiz;

21. Hazar deňziniň çägindäki iň uly deňiz porty Bakuda ýerleşýär;

22. Deňziň demirgazyk bölegi iň çuň ýerleri hasaplanýar;

23. Suwuň durnuksyzlygy sebäpli Hazar deňziniň görnüşi yzygiderli üýtgäp durýar. Suwuň ýokary derejede bolan ýagdaýynda deňiz Gara deňiz bilen birikýär;

24. Gyş günleri deňziň demirgazyk bölegi doňýar we suwy buz örtýär;

25. Häzirki getirilýän netijelere görä, deňizde nebitiň we gazyň gorunyň mukdary 6,5 milliard tonna diýlip kesgitlenilýär;

26. Hazarda aýzbergler örän seýrek ýagdaýdyr. Adatdan daşary buz toplumynyň soňky süýşmesi bu ýerde 2020-nji ýylyň dekabrynda hasaba alyndy;

27. Deňziň düýbünden Sabail köşgüniň (1234-nji ýyl) bölekleri hasaplanylýan plitalar tapyldy. «Bail daşlary» Bakuwyň Şirwanşalar muzeýinde saklanylýar;

28. Deňizde we onuň kenarýaka ýerlerinde haýwanlaryň 1800 töweregi görnüşi ýaşaýar, bu ýerde ösümlikleriň bolsa 700-den gowrak görnüşi ösýär.

29. Hazar düwleni deňziň endemigidir. Gynansak-da, soňky ýyllarda bu täsin deňiz süýdemdirijileriniň sany ep-esli azaldy.

30. 12-nji awgust — Halkara Hazar deňziniň günüdir.

Peýdalanylan çeşmeler: proreki.ru; karatu.ru; мегафакты.рф; etokavkaz.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar