Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak: gerekli resminamalaryň sanawy

0
93397

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak zerurlygy o diýen bir ýygy-ýygydan ýüze çykýan ýagdaýam däl. Muny raýat köp halatda 10 ýyldan bir gezek, diňe bu resminamanyň möhletiniň dolan ýagdaýynda çalyşýar.

Şahadatnamanyň möhletiniň dolmagyndan başga-da, sürüji ony birnäçe zerur bolan ýagdaýlarda çalyşmaly bolýar. Mysal üçin, şahadatnamanyň eýesiniň şahsy maglumatlarynda üýtgeşme ýüze çyksa, ýagny toýdan soň familiýasyny çalşan ýagdaýynda, şeýle-de ony ýitiren ýa-da oňa zeper ýetiren ýagdaýynda çalşyp biler.

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak üçin nähili resminamalar gerek

Sürüjilik şahadatnamasyny möhleti dolan ýagdaýynda çalyşmak üçin zerur bolan resminamalar toplumy (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän maglumata laýyklykda) şulardan ybarat:

  • Pasport we onuň nusgasy ( ýaşyna laýyklykda 25 hem-de 45 ýaşda düşen suraty ýelmenen bolmaly);
  • Sürüjiniň synag petegi;
  • Lukmançylyk barlagyny geçenligi baradaky kepilnamasy (№ 083 görnüşli);
  • Psihiki keseller we alkogolizme garşy merkezden kepilnama;
  • 2 sany reňkli fotosurat (3x4 ölçegli);
  • Sürüjilik şahadatnamasy (Eger sürüjilik şahadatnamasy ozal bu ýerden alynmadyk bolsa, onda öňki alnan ýerinden tassyklaýyş resminamasyny almak zerurdyr);
  • Görkezilen nusgada ýazylan arza.

Başga ýagdaýlar bilen baglylykda sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak isleýän raýatlardan goşmaça başga resminamalar hem talap edilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar