«Awtoýoly» sürüjilere yssy howada ulagy dolandyrmak bilen bagly maslahatlary berýär

0
17009

Tomus paslynda yssy howanyň bolmagy ulag serişdelerini dolandyrmak babatda kadaly we özboluşly talaplary berjaý etmegi şertlendirýär. Bu ýagdaýlarda ulaga dogry gözegçilik etmek barada «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda merkezinin hünärmenleri degerli maslahatlary berýärler.

Yssy howada ulagyň akkumulýatoryna aýratyn ähmiýet bermelidir. Sebäbi ulagyň akkumulýatory yssyda näçe köp dursa ýa-da dolandyrylsa, onda batareýa tiz zarýadlanýar, onuň içinde bolsa kristal örtük emele gelip, elektrik togunyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Bu tehniki näsazlyklaryň ýüze çykmazlygy üçin bolsa ulagyň akkumulýatoryna tomus paslynyn gelmegi bilen gözegçilik etmek maslahat berilyar.

Ulagyň kondisioneriniň hemişe göwnejaý işläp durmagy üçin ony nähili ulanmalydygy baradaky ýönekeýje talaplary bilmek zerur. Mysal üçin, gyzgyn şöhle ulagyň salonyna uzak wagtlap düşüp duran bolsa, onda içi aşa gyzan ulagda birbada kondisioneri işletmek ýalňyşdyr. Bu ýagdaý aýnalaryň ýa-da torpedonyň ýüz örtüginiň çat açmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin biraz garaşmaly bolýar ýa-da ulagyň içiniň gyzmazlygy üçin niýetlenen ýaldyrawuk örtükden ýa-da sepilýän himiki serişdelerden peýdalanmaly bolýar.

Aslynda ulagyň yssy howanyň täsiri esasynda işleýiş kadalylygyny peseldýän aýratynlyklar, kemçilikler başga-da az däldir, ýöne ol ýagdaýlar ulagyň guratlygyna ýa-da sürüjiniň dolandyryşyna gönüden-göni ýa-da dessin täsir etmeýär.

Akkumulýatorlar, kondisioneriň freon üpjünçiligi, aýnalaryň ýaldyrawuk örtükleri, aýnalar üçin himiki serişdeler we ulagyň tomus şertlerinde talabalaýyk dolandyrylmagy üçin zerur bolan beýleki üpjünçilikler «Awtoýoly» nysanyny goteryan awtohyzmatlar we sowda merkeziniň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäheriniň birnäçe ýerlerinde ýerleşýän dükanlarynda müşderilere kepillikli ýetirilýär.

«Awtoýoly» nyşanly dükanlaryň söwda we hyzmat ediş nokatlary:

— Aşgabat ş., :

  • G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09;
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16;
  • «Berkarar» SDAM: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;

— Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82;

— Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19;

— Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) koçesi: 54+993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar