Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» akkumulýatorlary 24/7 eltip berme hyzmatyny ýola goýdy

15:5723.05.2022
0
777
«Awtoýoly» akkumulýatorlary 24/7 eltip berme hyzmatyny ýola goýdy

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda dükany müşderilere «Ýigitakü», «Varta» hem-de «Rigel» akkumulýatorlaryny günüň islendik wagtynda eltip berme hyzmaty bilen almak mümkinçiliginiň ýola goýlandygyny mälim edýär.

Alyjylar bu akkumulýatorlary gije-gündiziň islendik sagadynda sargyt edip bilerler we sargyt edilen haryt dükanyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň çägine gysga wagtyň dowamynda tiz eltilip we dakyp berler.

«Ýigitakü», «Varta» we «Rigel» awtoulag akkumulýatorlary häzirki wagtda Türkmenistanda we sebitiň birnäçe ýurtlarynda giňden peýdalanylýar. Olaryň hil hem-de ulanyş babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýandigini, şeýle-de bahasy taýdan amatly akkumulýatorlar hasap edilýändigini hem bellemek zerur. Hususan-da, «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynda «Ýigitakü» akkumulýatorlarynyň 18 aýlyk, «Varta» akkumulýatorlarynyň 24 aýlyk hem-de «Rigel» akkumulýatorlarynyň bolsa 12 aýlyk kepillik bilen ýetirilýändigini aýtmak bolar.

Ýeri gelende bu harytlary diňe bir dükanyň özünden däl-de, eýsem Türkmenistanyň öňdebaryjy awtoulag serwisiniň awtoyoly.com.tm onlaýn dükany hem-de onuň ykjam goşundysy arkaly sargyt edip alyp bolýandygyny ýatladýarys. Akkumulýatorlary tiz eltip berme hyzmatyndan peýdalanmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz:

  • Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkeziniň köpgatly awtoduralgasy, «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda dükany;
  • Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 65 813386.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň