«Awtoýoly» awtoulaglaryň kuzowynyň polirowka hyzmatyny ýola goýdy

18:4214.05.2022
0
4029

Awtoulag hyzmatlar merkezinde müşderiler üçin täze hyzmat — awtoulagyň kuzowynyň polirowka hyzmaty ýetirilip başlandy.

Awtoulaglaryň reňki, onuň kuzowynyň tekizligi, reňkiniň we öwüşgin berşiniň düzlügi wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär we solýar. Munuň ýaly ýagdaýda bolsa kuzowyň ýaldyradylmagy, has düşnükli dilde aýdylanda polirowka edilmegi zerur bolýar. Polirowkanyň esasy peýdasy bolsa awtoulagyň renkini goramak bolup durýar.

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary merkeziniň polirollary hem-de beýleki möhüm iş gurallaryny ulanýandygyny ýatladýarys. Olaryň hatarynda dünýäde iň öňdebaryjy we uly isleg bilen peýdalanylýan 3M polirolyny bellemek bolar. Onuň ulagyň kuzowyny ýaldyratmak işinde ulanylmagy bilen, ulagyň asylky lak örtügi birnäçe ýyllap dürli sypçyryklardan goralýar we ol awtoulagyň täze mahalyndaky ýaly öwşün atmagyna ýardam edýär.

Bellemeli ýeri, awtoulag hyzmatlar merkezinde hödürlenilýän hyzmatlar, şol sanda täze işe girizilen polirowka hyzmaty bu işi özbaşdak ýerine ýetirmekden hil babatda görnetin tapawutlydyr.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän şahamçasyna barmagyňyz ýeterlikdir. Telefon belgileri boýunça habarlaşmak üçin:

Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň