Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» awtoserwis we awtoýuwalga hyzmatlaryny hödürleýär

17:5314.06.2022
0
1142
«Awtoýoly» awtoserwis we awtoýuwalga hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanda awtoulag hyzmatlary pudagynda müşderilere ýokary hilli hyzmatlary ýetirýän «Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükany ulaglaryň dürli ätiýaçlyk şaýlaryny, sürüjiler üçin zerur bolan awtoulag bejeriş hyzmatlaryny, şeýle-de awtoulaglary ýuwmak hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, hyzmatlar merkeziniň Aşgabat şäheriniň dürli ýerlerinde hem-de welaýatlarda hyzmat ediş we söwda dükanlary hereket edýär. Şol sanda «Awtoýoly» haryt nyşanly söwda dükanlarynyň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky, has takygy Atatürk köçesiniň 82-nji salgysyndaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokadynda sürüjileriň ulag hyzmatyndan peýdalanmagy üçin köp sanly şertler üpjün edilendir. Bu ýerde alyjylara ýetirilýän awtoulagyň düzüm bölekleri we olary dakyp bermek, çalyşmak ýaly işler bilen birlikde awtoulaglary ýuwmak hyzmatynyň hem ýokary hilde ýerine ýetirilýändigini bellemek gerek.

«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanynyň bu salgydaky bölüminde şu hili hyzmatlar müşderilere ýetirilýär:

  • ulagyň hereket gurluşygynyň islendik bejeriş hyzmaty,
  • awtoulaglary ýuwmak we himiki salon arassalamak hyzmaty,
  • ýag we süzgüç çalyşmak,
  • tormoz suwuklyklaryny çalyşmak,
  • razwal sazlama hyzmatyny ýerine ýetirmek,
  • balansirowka işleri,
  • akkumulýatorlary dakyp bermek we barlamak,
  • awtoulagyň motoryny bejermek we beýleki hyzmatlar.

Degişli salgyda ýerleşýän söwda dükanyndan müşderiler «Varta», «Ýigitakü», «Rigel» haryt nyşanly akkumulýatorlary, «Mobil» kompaniýasynyň ýokary hilli ýaglaryny, «Fil Filter» awtoulag süzgüçlerini, «Westlake», «Hankook», «Apollo», «Toyo» hem-de «Michelin» ýaly dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan teker görnüşlerini saýlap alyp bilerler. Şunuň bilen birlikde, dükanda bu harytlaryň kepillikli möhlet bilen ýetirilýändigini hem nygtamak gerek.

Aşgabat şäheriniň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady bilen +99312 46-91-02 telefon belgisi ýa-da awtoyoly.com.tm web saýty arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň