Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» sürüjilere köpdürli ätiýaçlyk şaýlaryny we awtoulag hyzmatlaryny ýetirýär

16:5203.06.2022
0
1337

«Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda merkeziniň Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän dükanynda sürüjilere iň zerur awtoulag şaýlarynyň hem-de hyzmatlaryň köp sanly görnüşleri hödürlenilýär. Bu ýerde müşderiler dünýäniň ýokary hilli brend harytlaryndan, şeýle hem kepillikli hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

«Awtoýoly» G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän awtohyzmatlar merkezinde dünýäniň ösen tejribeli kompaniýalarynda öndürilen antifrizleri, tormoz suwuklyklaryny, tekerleri, awtoulag ýaglaryny, akkumulýatorlary we beýleki haryt görnüşlerini alyjylara ýetirmek bilen, olaryň ýaramlylyk we işleýiş möhletini kepillendirýär. Bu ýerde «Varta», «Ýigitakü», «Rigel» haryt nyşanly akkumulýatorlar, «Mobil» kompaniýasynyň ýaglary, «Fil Filter» awtoulag süzgüçleri, «Westlake», «Hankook», «Apollo», «Toyo» hem-de «Michelin» ýaly ýokary hilli we dünýäde giňden peýdalanylýan teker görnüşleri bardyr.

Awtohyzmatlar merkeziniň bu şahamçasynda ulaglara giňişleýin hyzmat edilýär. Has takygy, G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän «Awtoýoly» dükanynda ýerine ýetirilýän hyzmatlar ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Hyzmatlar merkezinde:

  • ýag we süzgüç çalyşmak,
  • tormoz suwuklyklaryny çalyşmak,
  • diskleri gyryp abatlamak,
  • razwal sazlama hyzmatyny ýerine ýetirmek,
  • balansirowka işleri,
  • çyralary sazlamak,
  • ulagyň nowasyny ýaldyratmak,
  • awtoulaglary bitewi we bölekleýin reňklemek
  • ulagyň sowadyjysyny bejermek we freon guýmak,
  • ulagyň hereket gurluşygynyň islendik bejeriş hyzmaty,
  • akkumulýatorlary dakyp bermek we barlamak,
  • generator bejeriş işleri ýaly hyzmatlara ýurduň sürüjileri tarapyndan yzygiderli isleg bildirilýär. Şunuň bilen birlikde, ulagyň sowadyjysynyň freonyny ýörite tehnologiýa arkaly çekip almak we hiç hili harajatsyz yzyna guýmak işleri hem üpjün edilýär. «Awtoýoly» awtohyzmatlar merkeziniň dükanyndan täze teker alanlara bolsa dakyp berme we balansirowka hyzmaty tölegsiz ýetirilýär.

Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesinde ýerleşýän «Awtoýoly» dükany bilen +99312 75-40-09 telefon belgisi ýa-da awtoyoly.com.tm web saýty arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň