Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» dynç almak üçin gidilende ýanyň bilen almaly we almaly däl zatlaryň sanawy

08:4928.06.2023
1
53602

...Ýogsa-da, deňze dynç almaga gidilende ýanyň bilen nämeleri hökmany suratda almaly bolýarka, näme zatlary bolsa goýup gitmek ýerlikli bolarka?! Bu meselede «Turkmenportal» bu makalasynda dürli ýagdaýlary nazarda tutup, ýol şaýyňy tutmak babatda şeýleräk maslahatlary ýetirýär.

«Awaza» giden mahalyň keýpiçaglyg:a bir gerek welin, şulary hem ýatdan çykarmaly däl:

1. Resminamalar we olaryň nusgalary

  • pasport;
  • çaganyň dogluş şahadatnamasy;
  • sürüjilik şahadatnamasy;
  • petekler (uçar, otly, awtobus);
  • ýollama haty ýa-da ýaşaýyş jaýyny bronlamak üçin resminama;
  • pul.

2. Egin-eşik we aýakgap

Biri-biri bilen sazlaşýan reňkdardan aýdyň, şeýle-de ýeňil matadan tikilen egin-eşiklere ähmiýet beriň. Geýimleri geýjek maksadyňyza görä tapawutlandyryp goýsaňyzam bolar:

  • deňiz üçin (kupalnikler, pareo...);
  • gezelenç üçin (şortlar, köýnekçeler, köýnekler, jalbarlar we beýlekiler);
  • içki geýim we joraplar (ýeterlik mukdarda);
  • ýatylanda geýmek üçin;
  • dabaralar üçin (eger restoran ýa-da toý dabarasy ýaly ýerlere gitmek meýilleşdirilýän bolsa);
  • az-kem galyň geýimler (az sanly);
  • Günden goraýjy äýnekler;
  • başgaplar.

Aýakgaplaryňyzy aýlanjak ýerleriňize görä laýyk edip alyň.

3. Tehnika

  • ykjam telefon;
  • nauşnikler;
  • fotoenjam.

Ähli alyp gitjek enjamlaryňyza laýyk boljak zarýad berijini, şeýle-de tok üçin geçiriji enjamy almagy ýatdan çykarmaň.

4. Gigiýena serişdeleri

  • diş pastasy we maşgalanyň her agzasy üçin aýratynlykda diş çotgasy;
  • şampun, duş üçin gel hem-de sabyn;
  • ýüzi we bedeni ýumşadyjy krem;
  • Günden goraýjy serişdeler;
  • eller üçin antiseptik, çyg süpürgiçler;
  • darak;
  • sakgal syrmak üçin enjamlar;
  • linzalary salmak üçin gap (eger olary dakýan bolsaňyz).

5. Saglyk gutusy — ätiýaçlyk dermanlar (diňe zerur bolan we möhleti barlanan dermanlary almaly).

6. Deňizde suwa düşmek üçin gerek bolan aksessuarlar (süpürgiç, horjun, saýawan, telefon üçin suw geçirmeýän daşlyk we ş.m). Halas ediş tegelekleri, çagalaryň ýüzmegi üçin niýetlenen ele dakylýan örtüklerini ýanyň bilen almak ýa bolmasa-da deňiz kenaryndaky dükandan hem satyn almak bolar.

Deňze gideniňde ýanyň bilen nämeleri almaly däl:

  • gymmatbaha şaý-sepler;
  • köp sanly gözellik kosmetika serişdeleri;
  • saç guradyjy we ütük;
  • köp mukdarda ätiýaçlyk nahar;
  • gap-gaçlar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Heras ( 28.06.2023 )

В рамках статьи могли оставить только от это: Что не нужно брать с собой на море: ювелирные украшения; много декоративной косметики; фен и утюг; большой запас еды; посуду.

0