Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» brendiniň taryhy — ilkinji ýük awtoulagyndan öňdebaryjy awtoulag zawodyna çenli

0
74284

1976-njy ýylyň 16-njy fewralynda Naberežnyýe Çelny şäherindäki «KAMAZ» awtoulag zawodynyň esasy konweýerinde ilkinji seriýaly «KAMAZ-5320» kysymly awtoulag öndürildi.

Ýarym asyrdan gowrak wagt geçenden soň, «KAMAZ» konserni ýük awtoulag tehnikalarynyň önümçiliginde öňdebaryjylaryň birine öwrüldi we konsern tarapyndan 2,5 million töweregi awtoulag we 3 million töweregi hereketlendiriji ulanyşa goýberildi. Naberežnyýe Çelny şäheriniň ulaglary dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar, şonuň üçin hem Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň ýollarynda sürülýän her üç ýük awtoulagynyň biriniň «KAMAZ» bolmagy adaty ýagdaýdyr.

Ilkinji «KAMAZ» ýük awtoulagy köp ýyllar Başgyrdystanda işledi, soňlugy bilen bolsa ol zawodyň muzeýi tarapyndan satyn alyndy we gaýtadan abatlanyp, ýadygärlik hökmünde goýuldy. Muňa garamazdan, zawodyň önümçilik taryhy has irki ýyllardan gözbaş alýar.

1969-njy ýylyň awgust aýynda SSSR-iň Hökümeti awtoulag zawodlarynyň toplumynyň Naberežnyýe Çelny şäherinde gurulmalydygy baradaky karary kabul edýär. Bu zawodlar diňe agyr ýük ulaglaryny öndürmäge ýöriteleşmeli diýlip kesgitlendi.

Bu ýerde zawodlaryň gurulmagyna şäheriň ýerleşýän ýeri şert döredýärdi. Gämileriň ýüzmegine mümkinçilik berýän Kama we Wolga derýalarynyň bolmagy, şeýle hem demir ýoluň ýakynda ýerleşmegi geljekki awtoulag konsernini gurluşyk materiallary, çig mallar, enjamlar we düzüm bölekleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Ilkibaşdaky taslama laýyklykda, bu ýerde ýylda 150 000 agyr ýük ulagy we 250 000 sany hereketlendiriji öndürmelidi.

Gurluşygyň depgini örän ýokary derejede boldy. 1970-nji ýyldan 1981-nji ýyla çenli döwürde toplumyň zawodlarynda 2 milliard rubldan gowrak pul serişdesi möçberinde häzirki zaman tehnologiki enjamlaryň 30 müňden gowragy oturdyldy.

Naberežnyýe Çelny şäheriniň awtoulaglary gysga wagtda uly meşhurlyk gazanyp, SSSR-iň islendik awtoulag ýollarynyň ýük ulaglaryny üpjün etdi.

«KAMAZ» degişli önümçilik pudagynda birnäçe dünýä rekordlaryna eýe bolmak bilen, eýýäm 1979-njy ýylyň iýun aýynda kompaniýanyň 100 000-nji awtoulagy esasy konweýerde öndürilip ulanyşa goýberildi.

1988-nji ýylda «KAMAZ» konserniniň ýanynda awtoralli ýaryşlaryna gatnaşmak maksady bilen «KAMAZ-master» hususy topary döredildi. Häzirki wagtda ýörite üýtgedilen ýük awtoulaglaryny sürýän topar uly awtoulaglaryň köpsanly ýaryşlarynda Dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolup, sport awtoulaglarynyň hatarynda iň kuwwatly ulaglar diýlip ykrar edilýär.

«KAMAZ-master» topary häzire çenli «Dakar Ralli» ýaryşlarynda 19 gezek ýeňiji boldy we «Ýüpek ýoly» ýaryşlarynyň ählisinde baýraklary orunlary eýeledi.

1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri zawod önümçiligini döwrebaplaşdyrmagy nazarda tutup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.

2012-nji ýylyň 16-njy fewralynda — 36 ýyldan soň, awtoulag önümçilik konserniniň esasy konweýerinde 2 millionynjy awtoulag öndürildi.

2015-nji ýylda «KAMAZ» iki sany täze awtoulag kysmynyň – «KAMAZ-65206» ýük traktorynyň we «KAMAZ-65207» ýük awtoulagynyň yzygiderli önümçiligine başlady, şeýle hem Russiýanyň «Drive Electro» inženerçilik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen elektrik awtobuslaryny hödürledi.

Edil şol ýylda hem «KAMAZ» zawody «ВИСТ Групп» paýdarlar jemgyýeti hem-de «Cognitive Technologies» kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen sürüjisiz howa ulagynyň ilkinji synag tejribesini geçirip başlady.

2016-njy ýylda kompaniýa ilkinji awtoulagynyň öndürilmeginiň 40 ýyllygyny belledi. Konweýerde «KAMAZ-6580» we «KAMAZ-65802» kysym hataryndan täze ýük awtoulaglarynyň ilkinjileri öndürildi.

Şondan birnäçe aý geçeninden soň bolsa, «KAMAZ» Moskwa halkara awtoulag sergisinde sürüjisiz awtobuslary hödürlemek bilen, täze özboluşly şäher ulag konsepsiýasyny öňe sürdi.

«KAMAZ» rus öndürijileriniň hatarynda ýolagçy ulaglarynyň özboluşly modelini — 8-12 minutyň içinde ýokary derejede tiz zarýad beriş stansiýasyndan zarýad alýan «KAMAZ-6282» elektrik awtobusyny özleşdirenleriň we hödürlänleriň ilkinjisi boldy.

2018-nji ýylda «KAMAZ» ýolagçy elektrik awtoulagy bilen ilkinji gezek Moskwa bazaryna çykdy we iki ýyldan soň sürüjiniň kabinasy bolmadyk, sürüjisiz «Челнок» elektrik awtoulagy üçin patent aldy.

2021-nji ýylda bolsa konsern awtoulaglaryň K5 nesliniň täze kysymlaryny — «KAMAZ-65659» çekiji ýük awtoulagyny we iki sany — «KAMAZ-65951» (8x4) we dürli köpçülikleýin ýükleri daşamak üçin niýetlenen «KAMAZ-65952» (6x6) awtoulaglaryny bazara çykardy.

Şeýle-de şäher üçin niýetlenen ulaglardan aşagy pes bolan elektrik awtobusy we awtonom hereketi 20 kilometre çenli artdyrylan «KAMAZ-65825» trolleýbusy tanyşdyryldy.

2021-nji ýylda zawodyň inženerleri «KAMAZ-6290» ilkinji wodorobus awtoulagyny halk köpçüligine hödürlediler.

Iri rus awtoulag kärhanasy dürli ýagdaýlary başdan geçirdi, esasan-da, 1993-nji ýylyň 14-nji aprelinde bolan ýangyndan soň, kärhananyň önümçiligi kyn ýagdaýlara sezewar boldy. Bu günki  günde bolsa «KAMAZ» köp sanly täze kysymly ýük we ýolagçy awtoulaglary öndürýän kuwwatly konserne öwrüldi.

Awtoulag zawody ýarym asyrlyk taryhynda ýük awtoulaglarynyň islendik ýol we howa şertlerine çydamlydygyny subut etdi. «KAMAZ» zawodynda öndürilen awtoulag serişdeleri Uzak demirgazyk sebitlerinde we tropiki ýerlerdir gyzgyn çöllerde, şeýle-de daglyk ýerlerde özüniň kuwwatlylygyny hem-de ygtybarlylygyny subut edip gelýär.

Surat: TASS

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar