Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – milli tele-radioýaýlymlaryň döwrebap ösüş merkezi

0
3400

Ýurdumyzyň milli tele-radioýaýlymlarynyň döreýiş taryhy gözel paýtagtymyz Aşgabat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen tele-radioýaýlymlary paýtagtymyzda esaslandyrylan ilkinji gününden şu günki güne – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyna çenli her döwrüň öz ösüş aýratynlaryna laýyklykda döwrebap özgerişi başdan geçiripdir. Şol döwürleriň arasynda milli tele-radioýaýlymlaryň iň ösen döwri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp eýýamy – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir.

Aşgabatda ilkinji gezek 1927-nji ýylda uzyn tolkunly PB-19 radiogepleşikler bekedi gurlupdyr. 1928-nji ýylda ýurdumyzda radio alyp eşitdiriliş nokatlarynyň 420-si bolupdyr. 1940-njy ýylda ýurdumyzyň radio alyp eşitdiriliş nokatlarynyň sany 25 müňe ýetipdir. 1935-nji ýylda kabul ediji enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kabul ediş radio merkezi gurlupdyr. 1946-njy ýylda gysga tolkunly radiobeket işe girizilipdir. Ýurdumyzda gysga tolkunda berilýän radiogepleşiklerini gowulandyrmaklyk üçin 1961-nji ýylda Aşgabatda täze – gysga tolkunly tolkun ýaýradyjy (peredatçik) oturdylypdyr. 1963-nji ýylda Aşgabatdaky radiobeketde gysga tolkunly, kuwwatly tolkun ýaýradyjynyň (peredatçik) ikinjisi oturdylypdyr. Şondan soň respublikan radiogepleşikleriň ilkinji radioýaýlymy ýaýlyma berlip başlanypdyr. 1966-njy ýylyň 1-nji maýynda bolsa uzyn tolkunly täze tolkun ýaýradyjy (peredatçik) işe girizilipdir.  1959-njy ýylda Aşgabatda respublikan telewizion merkeziň işläp başlamagy bilen, ultragysga tolkunly diapazonda radiogepleşikler berlip başlanypdyr.

«Kiçi telemerkeziň» kömegi arkaly 1958-nji ýylda aşgabatlylar ilkinji gezek ýerli teleýaýlym gepleşigine tomaşa edipdirler. Onuň kabul ediş radiusy 20-25 km--e barabar bolupdyr. 1959-njy ýylda diňiniň beýikligi 165 metr bolan telewizion merkeziň birinji nobatdakysy işläp başlapdyr. Onuň görkeziş radiusy 70-80 km-e barabar bolupdyr. 1963-nji ýylda Aşgabadyň telewizion merkeziniň ikinji nobatdakysy gurlupdyr. 1965-nji ýyldan başlap, Aşgabat telewideniýesiniň ikinji ýaýlymy berlip başlapdyr. 1967-nji ýylda Aşgabatda «Orbita» kabul ediş bekedi işläp başlapdyr. Şondan soň  aşgabatlylar we paýtagtyň ýakynyndaky etraplaryň ilaty merkezi telewideniýäniň teleýaýlymyna tomaşa edip başlapdyrlar.

1971-nji ýyldan başlap, Aşgabat şäherinde telewizion gepleşik üç teleýaýlym boýunça alnyp barlypdyr. Şol döwürde merkezi telewideniýäniň berýän reňkli şekillerini hem görmäge mümkinçilik döräpdir. 1970-nji ýylda Aşgabat –Çärjew (Türkmenabat) aralygynda radioreleli liniýanyň gurlup gutarylmagy bolsa Tejen, Baýramaly, Çärjew (Türkmenabat) şäherlerindäki alnyp görkeziş beketleriniň üsti bilen birinji respublikan teleýaýlymy görkezmäge mümkinçilik döredipdir. Şeýlelikde,  Tejen, Baýramaly, Çärjew (Türkmenabat) şäherleriniň we bu şäherlere ýakyn etraplaryň ilaty hem Aşgabatdan berilýän teleýaýlym gepleşigine tomaşa edip bilipdirler.

Şol döwürde Aşgabatdan berilýän teleýaýlym gepleşigine ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň ilatynyň hem tomaşa edip bilmekligi üçin  mümkinçilik döredilipdir.  Türkmenbaşy, Balkanabat şäherlerinde telewizion merkeziniň , Daşoguzda bolsa «ТРСА» görnüşli alyp görkeziji beketleriň işi ýola goýlupdyr. 1971-nji ýylda Balkanabatda «Orbita» telewizion kabul ediş bekedi  işläp başlapdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli teleýaýlymlaryň we radioýaýlymlaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, işini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. 1996-njy ýylda fransuz «TF-1» telegepleşikler edarasy bilen ylalaşyk baglaşylyp, Türkmen teleýaýlymynyň iki studiýasy döwrebaplaşdyryldy. Häzirkizaman telewizion enjamlarynda işlemek üçin ýerli hünärmenler taýýarlanyldy. 2001–2004-nji ýyllarda Ýaponiýanyň «Panosonik», «Ji-Wi-Si», «Sony» kompaniýalary bilen bilelikde teleradio eşitdirişleriň guralmagyna sifrli tilsimatlar, teleeşitdirişi dolandyrmaga bolsa awtomatlaşdyrylan ulgam ornaşdyryldy. Bu çäreleriň netijesinde telewizion şekiliň we sesiň tehniki ölçegleri gowulandy, teleradio ýaýlymlaryň sany köpeldi.

2001-nji ýylyň ýazynda ýurdumyzda radiýaýlymlaryň we teleýaýlymlaryň guramaçylyk görnüşlerini üýtgedip gurmak barada karar kabul edildi.Bitewi edara hökmünde hereket eden milli teleradiokompaniýasy ýatyryldy. «Altyn asyr Türkmenistan», «Miras», «Ýaşlyk» diýen özbaşdak teleýaýlymlary, «Watan», «Çar tarapdan», «Miras» radioýaýlymlary döredildi. 2004-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, daşary ýurt dilleriniň ýedisinde gepleşik berýän «TV4-Türkmenistan» teleýaýlymy işläp başlady. Bu teleýaýlym arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik durnuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler bilen daşary ýurtly tomaşyçylar tanyşdyrylýar. «TV4-Türkmenistan» teleýaýlymy 2008-nji ýyldan başlap, «Türkmenistan» teleýaýlymy diýlip atlandyrylyp başlandy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen tele-radio ýaýlymlarynyň işine aýratyn üns berlip, täze teleýaýlymlar we radioýaýlym döredildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «Owaz» radioýaýlymy, 2009-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Türkmen owazy» teleýaýlymy, 2012-nji  ýylyň 1-nji ýanwarynda «Türkmenistan sport», we «Aşgabat» teleýaýlymlary işläp başlady.

Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde 2011-nji ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi açyldy. Iň kämil tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bu merkezde teleradio žurnalistleriň döredijilikli işlemekleri, ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamaklary üçin ähli şertler döredildi. Häzirki wagtda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinden teleýaýlymlaryň 7-siniň, radioýaýlymlaryň 4-siniň gepleşikleri ýaýlyma berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2015-nji ýylda işe girizilen «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy «Altyn asyr Türkmenistan», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan»,  «Türkmen owazy», «Türkmenistan sport», «Aşgabat» teleýaýlymlary bilen «Watan», «Çar tarapdan», «Miras», «Owaz» radioýaýlymlaryny ýokary hil derejesinde alyp görkezýär we eşitdirýär.

Ýurdumyzyň «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy  aýlawly ekwatorial orbitada we Ýerden 35786 kilometr uzaklykda ýerleşýär hem-de kämil bort radioenjamlary bilen üpjün edilmek bilen, ol ýerüsti radioobeketleriniň duýduryşyny kabul edýär, olary güýçlendirýär we olary diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän däl, eýsem bütin Orta Aziýa, Eýran, Türkiýe, Demirgazyk Afrika we Ýewropanyň köp böleklerinde ýerleşýän beýleki ýerüsti radiobeketlerine hem alyp görkezýär.

Orbitadan duýduryşy kabul etmek üçin Ahal we Daşoguz welaýatlarynda emeli hemrany dolandyrmak üçin iki sany – esasy we ätiýaçlyk merkez guruldy. Olar kosmiki apparaty dolandyrmak üçin antennalar we ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir. «Orbita» ýerüsti bekedinde türkmen hemrasyndan telewizion duýduryşy bermek we kabul etmek üçin antenna we enjam oturdylandyr. Bu kuwwatly älem alyp görkeziş we eşitdiriş bekedi hemra transpondýorlarynyň 26-ny öz düzümine alýar. Hemra telewideniýesi üçin «BSS» radioýygylyk ýaýlymlaryň 10-sy niýetlenendir. Olaryň göýberiş mümkinçiligi hem standart, hem ýokary ygtyýarly telewizion duýduryşlarynyň onlarçasyny alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Radioýygylykly ýaýlymlaryň her birinde olaryň ukyplylygyna baglylykda SD (standart format) formatly teleýaýlymlaryň 8-ni, HD-TV (ýokary ygtyýarly) formatly 4 ýaýlymy, 3D-TV («üç ölçegli format») formatly teleýaýlymlaryň ikisini ýerleşdirip bolar. Şeýlelik bilen radioýygylyk ýaýlymlaryň onusynda 20-den 70-e çenli teleýaýlymlary ýerleşdirip bolar. Mundan hem başga milli aragatnaşyk hemrasynyň telewizion gepleşikleri, maglumatlary bermegi, radiotelefon, telegraf we aragatnaşygyň beýleki görnüşleri bilen biri-birinden 10-15 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti beketlerini aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bardyr.

Biziň ýurdumyz älem enjamynyň tehniki mümkinçilikleriniň milli teleýaýlymyň şu günki zerurlyklaryndan artyk gelýändigini nazarda tutup, «Türkmen hemrasynyň» (ÝGPJ) aragatnaşyk ýaýlymlarynyň köp bölegini daşary ýurt teleýaýlymlarynyň alnyp görkezilmegi üçin kärendesine berýär. Çäkleriň köp bölegini öz içine alýan «TürkmenÄlem 52°E» hemrasynyň mümkinçiligi Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny alyp görkezmäge üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2. T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
  3. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  4. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  5. https://www.turkmenhabar.com/turkmenalem-52e/

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar