Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat - kämil nesliň kemala geliş merkezi

0
2139

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň 140 ýyllyk taryhy ýolunda türkmen halkymyzyň kämil nesilleriniň kemal geliş merkezi bolup hereket edipdir. Watanymyzyň görnükli döwlet işgärleriniň,  tanymal alymlarynyň,  halypa ýazyjy-şahyrlarynyň, meşhur artistleridir aýdymçylarynyň, saglygy goraýyş işgärleridir mugallymlarynyň, halk hojalygynyň dürli ykdysady pudaklarynda zähmet çekýän ussat hünärmenleriniň, dünýä belli sportmenleriniň aglabasy ýurdumyzyň merkezi şäherinde — gözel paýtagtymyz Aşgabatda tälim alyp, kemala gelipdirler. Diýmek, ajaýyp şäherimiz Aşgabat bir asyrdan bäri Watanymyzyň dürli sebitlerinden bolan türkmen raýatlaryna hyzmat edip gelýän ýokary okuw mekdepleriniň ýerleşýän iri bilim merkezidir.  

Paýtagtymyz Aşgabatda mundan bir asyr ozal — 1922-nji ýylda orta hünärli mugalymlary taýýarlaýan ilkinji okuw jaýy — pedtehnikum döredililipdir.   

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 1930-njy ýylda halyçylyk tehnikumy we Oba hojalyk instituty,  1931-nji ýylda bolsa mugallymçylyk  we lukmançylyk  institutlary açylýar. 

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk institutynyň 1931-nji ýylyň 29-njy dekabrynda açylan binasy 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde weýran bolýar.



Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk instituty üçin 1951-nji ýylda ýene bina salynýar. 



Bu institut 2010-njy ýylyň 27-nji awgustynda milli Liderimiziň ýörite Karary bilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti diýlip atlandyryldy. 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri bolsa uniwersitet Myrat Garryýewiň adyny göterýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk boýunça halkara derejesinde bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýän we binägärlik çözgüdi boýunça haýran galdyrýan  täze binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki döwürde uniwersitetiň gurluşyna 8 sany fakultet, 53 sany kafedra, Göz keselleri ylmy-kliniki, Stomatologiýa okuw-önümçilik, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy, Ylmy-barlag, Lukmançylyk biotehnologiýasy, Sport lukmançylygy, Habar beriş–hasaplaýyş merkezleri, Talyplar sport kluby, Elektron kitaphana, Okuw, Okuw-usuly, Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş hem-de Aspirantura bölümleri girýär.

Aşgabat  şäherinde 1930-njy ýylda esaslandyrylan Oba hojalyk institutyna 1998-nji ýylda uniwersitet derejesi berildi we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti diýlip atlandyrylýar. Bu uniwersitetde 6 fakultet we 16 kafedra hereket edýär.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1931-nji ýylda esaslandyrylan mugallymçylyk instituty 1950-nji ýylda  Türkmen döwlet uniwersitetine öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebi 1991-nji ýylyň 13-nji maýyndan bäri türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň adyny göterýär. Uniwersitetiň täze baş binasy 2007-nji ýylyň fewral aýynda, fizika we matematika fakultetiniň täze binasy  2008-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, geografiýa fakultetiniň täze binasy 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, himiýa we biologiýa fakultetiniň täze binasy bolsa 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu uniwersitetde häzirki wagtda 12 fakultet bilen 37 kafedra işleýär.  

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 1963-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen Döwlet politehniki instituty döredililipdir. Institutyň gurluşynda 4 fakultet we 26 kafedra hereket edipdir. 

2012-nji ýylda Türkmen politehniki instituty ýapylyp, täze iki sany ýokary okuw mekdepleri, ýagny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmen döwlet nebit we gaz instituty döredilýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň öňdebaryjy inžener-tehniki ýokary okuw mekdebi bolup durýar. Institutda 7 sany fakultet we 26 sany kafedra hereket edýär.     Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda çykaran PP-6391 belgili Permany bilen Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersitet derejesi berildi hem-de Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýlip atlandyryldy. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 329-VI belgili Kararyna laýyklykda Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýlip atlandyryldy. Uniwersitetiň 6 fakultetinde 23 hünär boýunça ýokary bilimli hünärmenler we 5 taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar.

Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 1972-nji ýylda esaslandyrylýar, 1993-nji ýylda bolsa, Milli konserwatoriýa adyna eýe bolýar, 2019-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebine Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylýar. Konserwatoriýada häzirki wagtda 4 fakultet, 16 kafedra hereket edýär.

Gözel Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen halk hojalyk instituty 1980-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda döredildi. Bu ýokary okuw jaýynyň Türkmen halk hojalyk instituty ady 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde üýtgedilip, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty diýlip atlandyryldy. Institutyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze ajaýyp binasy 2011-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda ulanylmaga berildi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment, Marketing fakultetlerinde alnyp barylýar. 

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 1980-nji ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe instituty döredildi. Bu institutyň ady 1997-nji ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty diýlip üýtgedildi. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen institutyň hereket eden öňki ady üýtgedilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýlip atlandyryldy.  Institutda 8 hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan 3 fakultet we 13 kafedra  hereket edýär. Olarda alnyp barylýan ýöriteleşdirilen sapaklar esasynda sportuň 46 görnüşinden tälimçiler taýýarlanylýar.

Aşgabadyň rus dili we edebiýaty pedagogik instituty 1984-nji ýylyň 1-nji martyndan işe başlady. Bu institut 1990-njy ýylyň 1-nji fewralyndan Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik instituty diýlip atlandyryldy. 1991-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmen döwlet diller we edebiýat pedagogik institutyna Döwletmämmet Azadynyň ady dakyldy. 1995-nji ýylyň 11-nji awgustynda bolsa instituta Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty diýen at berildi. Institutda 14 sany dil boýunça hünärmen taýýarlanylýar. Institutyň düzüminde 5 fakultet, 16 kafedra işleýär.         

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde Türkmen döwlet medeniýet instituty 1992-nji ýylyň  4-nji ýanwarynda döredildi. Bu institutyň täze binasy 2011-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berildi. Institutda häzirki wagtda 4 fakultet, 12 kafedra hereket edýär.

Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty 1992-nji ýylda döredildi.  2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz bu institutyň binýadynda «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Sanly ykdysadyýete geçmekde zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda jemi 21 hünär boýunça hünärmenleri taýýarlaýan 5 fakultet döredildi. Institutyň ozalky demir ýol, ulag gurluşygy we ykdysadýet fakulteti bolsa Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutyna göçürildi. 

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylda döredilýär. 2004-nji ýylda bolsa akademiýanyň täze döwrebap binalar toplumy gurulýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 3 fakultet we 8 kafedra hereket edýär.

1994-2016-njy ýyllar aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersiteti hereket etdi. 2016-njy ýylda bolsa bu halkara uniwersiteti ýapylyp, onuň ýerine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti işläp başlady. Ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim we senagat kuwwatyny dünýä derejelerine ýetirmeklik maksady bilen bu uniwersitetiň 5 sany fakultetinde jemi 26 sany hünär ugurlary boýunça talyplara bilim berilýär.

Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Bu ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy hereket edýär.

Milli Liderimiziň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran Permany bilen ýurdumyzyň merkezi şäherinde Türkmen döwlet maliýe instituty döredildi.  2013-nji ýylda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti döredildi. Bu uniwersitetiň binýadynda dil öwreniş bölümi, bäş fakultet we 13 kafedra işleýär. Okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň merkezi şäherinde hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Karary bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty döredildi. Bu institut 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyryldy. Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 6 fakultet, 19 kafedra bolup, talyplar 27 hünär boýunça bilim alýarlar.
Paýtagtymyz Aşgabatda 1993-nji ýylda Harby institut, 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk instituty, 2011-nji ýylda Serhet instituty we Harby-deňiz instituty açyldy. Diýmek, ýurdumyzyň merkezi şäherinde  21 sany ýokary okuw mekdebi ýerleşýär. Milli Liderimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde paýtagtymyz Aşgabatda orta hünär okuw mekdepleriniň hem birnäçesi açyldy. Munuň özi bolsa, ak şäherimiz Aşgabadyň hakykatdan-da, kämil nesiliň kemala geliş merkezi bolup, ýüreklerde baky ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2. T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar