26 — 28-nji noýabrda Duşenbe şäherinde SPEKA günleriniň çäklerinde «SPEKA sebitinde ýaşyl ösüş» atly mowzuk bilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň — SPEKA 2024 Ykdysady forumy, şeýle hem SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen tarapyna wekilçilik etdi.
Forumyň we mejlisiň işine agza döwletleriň hökümetleriniň, BMG-niň agentlikleriniň we maksatnamalarynyň, degişli halkara we sebit guramalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy düzümleriň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Şu gezekki forumyň gün tertibine SPEKA agza ýurtlaryň «ýaşyl» ykdysady ösüşi bilen bagly meseleler, hususan-da suw we energetika howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi, ulag, «akylly» söwda, durnukly ösüşiň hatyrasyna innowasiýalar we tehnologiýalar we gender deňligi ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar girizilidi.
Forumda çykyş eden türkmen tarapy birnäçe möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň, ekologiýa taýdan kabul ederlikli täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň we daşky gurşawy goraýyş ulgamynda innowasion çözgütleriň işlenip düzülmeginiň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň azaltmak boýunça görkezmeleriniň biri hökmünde tebigy gazy öndürmekde, daşamakda we ýerlemekde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi barada aýdylýar.
Türkmen tarapynyň mejlisde eden çykyşynda SPEKA sebitinde söwdany ösdürmegiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýandygy sebäpli, ýurtlaryň BSG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmegi, degişli Konsepsiýany we Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça meselä garaldy.
SPEKA 2024 Ykdysady forumynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi diýlip, habarda bellenilýär.