Moskwa şäherinde «Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda döredilen saz eserleri» bäsleşiginiň ýeňijileriniň we laureatlarynyň, VIII N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň çäginde guralan illýustrasiýalaryň bäsleşiginiň baýrakly orunlarynyň eýeleriniň eserlerini öz içine alýan «Sazly-illýustratiw ýygyndy» neşir edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berdi.
Täze neşir edilen ýygyndy türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanypdyr.
Bu ýygyndy dürli bilim edaralarynyň degişli ugurda okaýan talyplary we okuwçylary, şol sanda mugallymlary hem-de bu tema bilen gyzyklanýan her bir adam üçin niýetlenendir.
Kitap türkmen we rus dillerinde neşir edilipdir.