Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglanyldy

06:5011.10.2024
0
8883

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy, «Galkynyş» türkmen-awstriýa žurnalynyň baş redaktory Neda Berger Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Sylagyň gowşurylyş dabarasy penşenbe güni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Bu sylag türkmen poeziýasyny esaslandyryjy Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we wagyz etmekde uly goşant goşan daşary ýurt raýatlaryna berildi. Umuman alanyňda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda Ermenistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Özbegistan, Täjigistan we beýleki ýurtlaryň döredijilik işgärleriniň 20-si bu ýubileý medal bilen sylaglanyldy.

Neda Berger «Turkmenportalyň» habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu baýragyň Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandynyň ýokary ykrarnamasy bolup durýandygyny nygtady. «16 ýyl bäri, Türkmen-Awstriýa jemgyýetine ýolbaşçylyk edýärin, şol döwürde Wenada-da, şu ýerde-de Magtymguly bagyşlanan köp sanly medeni çäreler we edebi agşamlar geçirdik. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ähli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu sylag we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «akylly» Arkadag şäherinde altynjy Wena balyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna sag bolsun aýdýaryn» diýip, Neda Berger belledi.

Öz gezeginde «Turkmenportal» hem Neda Bergeri Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky medeni we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyna mynasyp baha hökmünde gowşurylan bu ýokary döwlet sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň