Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

10:5713.10.2024
0
12688
Türkmenistanda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Surat: cci.gov.tm

12-nji oktýabrda Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, önümçilik, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlarda ösdürilmegine gönükdirilen halkara çärä öwrüldi.

Mongoliýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik maslahatynyň dowamynda iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýlan, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik maslahatyna Türkmenistandan dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Dürli ugurlary öz içine alýan işewürlik maslahatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garadylar. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna üns berildi. Mongoliýanyň işewür düzümleriniň wekilleri iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetlidigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadynyň özara gatnaşyklara oňyn täsiri barada aýtdylar.

Türkmen-mongol işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ugruň ösdürilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň