Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mürepbe: peýdalymy ýa zyýanly?

0
35066

Güýzüň gelmegi bilen, biz biygtyýar süýji we ýyly iýmitleri iýmäge ymtylýarys. Datly mürepbe bilen dürli hoşboý ysly çaýlar saçaklarymyzdan düşmeýär. Bu adaty süýjülik salkyn agşamlary ýyladyp, mylaýym tomus ýatlamalaryny gaýtaryp berýär.

Köp adamlar mürepäni beýleki süýjülikleriň sagdyn oruntutary hasaplaýarlar. Hakykatdan-da, ir-iýmişler we miweler witaminleriň bitewi gorudyr. Şeýle-de bolsa, olar taýýarlanylanda uzak wagtlyk ýylylyk miweleriň möçberini ep-esli azaldýar. Mundan başga-da, düzüminde şekeriň köp bolmagy mürepbäni berhizlik önümi bolmakdan uzaklaşdyrýar. Diýmek, onsoň mürepbäni sagdyn iýmit diýip atlandyryp bolarmy? Has dogrusy, süýjülerden doly ýüz öwürmäge taýýar bolmadyk adamlar üçin bu iň amatly çözgüt bolsa gerek.

Mürepbede witaminler saklanyp galýarmy?

Miweleriň gaýnadylma dowamlylygy iýmitdäki witaminleriň saklanmagyna garşy gelýän ýagdaýdyr. Bu ählumumy düzgün ähli aşpezlik amallaryna degişlidir. Şeýle-de bolsa, käbir ýokumly maddalar ýokary temperatura garşylyk görkezip bilýär.

Ir-iýmişleriň we miweleriň gödeksi süýümleri mürepbe taýýar edilen mahaly üýtgemeýär. Bu komponentler sagdyn iýmit siňdirişe kömek edýär, içege mikroflorasyna oňyn täsirini ýetirip, peristaltiki stimul döredýär.

Erikden, aýwadan, almadan hem-de kädiden taýýarlanylan mürepbe süýüme baýdyr. Süýümiň köp mukdarynyň miwäniň gabygynda bolýandygyny aýratyn bellemek gerek, şonuň üçin nahar bişirilende, ony aýyrmazlyk maslahat berilýär.

B, A we E topara degişli witaminler belli bir derejede gaýnadylmaga çydamly bolýar. Uzak wagtlap bişirmek bu witaminleriň bölekleýin bölünmegine sebäp bolsa-da, olaryň belli bir mukdary taýýar bolýan önümde saklanyp galýar. Tersine, C witamini ýokary temperaturada bütinleý ýok bolup gidýär.

Malina mürepbesi antipiretiki täsiri bolan we köp dermanlara goşulýan salisil turşusyny özünde saklaýar. Şeýle-de bolsa, onuň mürepbedäki konsentrasiýasy lukmançylyk serişdelerinden örän pesdir.

Smorodina mürepbesi miwe kislotalarynyň düzüminde iň öňdebaryjysydyr. Ýogsam, smorodina C witamine baý bolsa-da, bişirilende onuň mukdary ep-esli azalýar.

Ülje mürepbesinde A, E, B2 ýaly witaminler, miwe kislotalary, demir, kaliý we mis bar.

Gaýnadylandan soň, grek hozundan edilýän mürepbe hem antioksidantlary, omega-3 ýag kislotalaryny, süýümi we käbir efir ýaglaryny saklap galýar.

Mürepbäniň peýdasy

Zenan organizmi üçin. Rasionyňyza ýokary derejede demir düzümi bolan miwelerden we ir-iýmişlerden taýýarlanylan mürepbäni (mysal üçin, ülje ýa-da garaly) goşup bilersiňiz. Şeýle hem bu babatda çişmä garşy häsiýetleri bolan mikroelementleri özünde saklaýan we deriniň ýagdaýyna peýdaly täsir edýän oblepiha mürepbesi iň gowy saýlawlaryň biri bolup biler. Umuman, mürepbede şeker az bolsa, şonça-da ol peýdaly bolýar.

Erkek organizmi üçin. Ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi üçin magniý, kaliý we beýleki mikroelementlere baý bolan mürepbeler maslahat berilýär. Mysal üçin, erik mürepbesi. Sport ýa-da bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanýan erkeklere energiýa ýetmezçilikleriniň üstüni ýetirmek üçin mürepbäni ortaça sarp etmäge rugsat berilýär.

Mürepbäniň çaga iýmitindäki peýdalary

Mürepbäniň peýdalary barada pikir alşylanda, munuň ilkinji nobatda süýjülikdirini ýadyňyzdan çykarmaň. Süýjülerden ýa-da tortdan zyýany az bolsa-da, ol barybir ýokary derejeli şeker önümidir. Hatda taýýarlanylan “sowuk” mürepbelerde-de şeker köp bolýar, şonuň üçin ony aşa köp iýmek maslahat berilmeýär. Şeýle-de bolsa, tebigy doroga ýa-da ýogurta şekerli miweleriň goşulmagy has sagdyn orun tutujy iýmit bolup biler.

Artykmaç agramy bolmadyk işjeň çagalaryň rasionyna mürepbe goşup bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, munuň doly süýjülikdigi we 2-3 nahar çemçesinden artyk bermeli däldigini ýatdan çykarmaly däldiris.

Kimlere mürepbe iýmek maslahat berilmeýär?

Süýji keseli, semizlik we miwelere ýa-da ir-iýmişlere allergiýasy bolan adamlar rasionyndaky mürepbäni çäklendirmelidir, ýa bolmasa-da düýbünden ýok etmelidir.

Peýdalanylan çeşme: rskrf.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar