Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidenti Magtymgulynyň ýubileý forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

22:5510.10.2024
0
19015
Eýranyň Prezidenti Magtymgulynyň ýubileý forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Surat: fa.shafaqna.com

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşikýan iş sapary bilen Aşgabada geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrli R.Meredow we beýleki resmi adamlar türkmen myhmansöýerliginiň däpleri esasynda garşy aldylar.

ISNA habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Prezidenti saparynyň dowamynda ertir Aşgabatda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar we çykyş eder.

Bellenilişi ýaly, belent mertebeli myhman saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmen halkynyň Milli Lideri we foruma gatnaşýan daşary ýurtly döwlet Baştutanlary bilen gepleşikleri geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň