Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdy

11:5111.10.2024
0
20654

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Halk Maslahatynyň we milli parlamentiň wekilleri, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, talyp ýaşlar hem gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we adybir medeni-seýilgäh toplumy şäheriň binagärlik keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Türkmenistanda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň