2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanyň Gazagystana eksportynyň umumy agramy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 37,6 göterim ýokarlanyp, 73,3 müň tonna deň boldy. Bu barada «Lsm» gazak saýty ýazýar.
Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 318,3 million amerikan dollaryna barabar bolup, şonuň 131,9 milliony Türkmenistanyň eksportyna degişlidir. Hususan-da, şu ýylyň 8 aýynda 32,7 müň tonna pomidor (16,2 göterim ösüş), 13,7 müň tonna arassaçylyk we ýuwujy serişdeler, 527,9 müň sany diş şotkasy (3,2 esse köp) we 129,9 tonna şokolad (7,5 esse köp) Türkmenistandan gazak bazaryna iberilipdir.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Aşgabatda resmi saparda bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny, özara söwdany ýakyn gekjekde 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmegiň maksat edinilýändigini nygtady.