Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçjek BRIKS halkara guramasynyň sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada RF-niň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Diplomat zenan bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysynyň bu barada Russiýanyň daşary işler edarasynyň başlygy Sergeý Lawrow bilen duşuşykda aýdandygyny aýtdy. Gepleşikler 27-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy ýygnagynyň meýdançasynda boldy.
5-nji sentýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gündogar Ykdysady forumyň plenar ýygnagynda eden çykyşynda häzirki wagtda BRIKS guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge 30-dan gowrak ýurduň gyzyklanma bildirýändigini habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.