Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

12:4911.10.2024
0
18591

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin birnäçe daşary ýurt raýatlaryna ýörite sylaglar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, 10-njy oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bäş sany nemes hünärmenine Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary gowşuryldy. Şeýle-de olar döwlet Baştutanynyň ýene bir degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen hem sylaglandy.

Sylaglanan daşary ýurt raýatlary şulardan ybarat:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr.Meisner Johann Engelbert;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr.Dhom Günter Jakob;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr.Jansson Wolkmar;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriteleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr.Haussermann-Mangold Liesl Doris;

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr.Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiriniň habar berşi ýaly, bu baýraklar halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini we hünärmenleriň halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki aýratyn goşandyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň