Turkmenportal logo
11.10.24
2517625176
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy
TULM Dubaý - Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesindäki ornuny berkitmek bilen, «Türkmenistanyň Ulag we Logistika Merkezi» (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Dubaý-Moskwa ugry boýunça ekspress konteýner otlusyny ibermekligi amala aşyrdy we konteýnerleri üçünji ýurduň otlularyndan GDA-nyň otlularyna gaýtadan ýüklemek işi Etrek ýükleýiş we düşüriş stansiýasynda üstünlikli geçirildi.


Şondan soň konteýnerli otly düzümi Russiýa Federasiýasyna tarap ýoluny dowam etdirdi.


TULM Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň çäklerinde konteýner daşamagy işjeň ösdürýär we bu ugurda ýükleri daşamagyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Kompaniýa bu ugurda her hepde ekspress konteýner otlularyny ibermegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.


Dubaý-Moskwa ugry boýunça Türkmenistanyň çäginden yzygiderli konteýner gatnawy ýurduň strategik taýdan geografiki ýerleşişini we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän ulag merkezi hökmünde öz mümkinçiliklerini görkezýär.