Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 15-nji oktýabrda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça resmi sapar bilen Gazagystana barar. Bu barada gazak lideriniň metbugat gullugy habar berdi.
«Gepleşikleriň dowamynda ýokary derejede syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda gazak-ermeni gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar» diýlip, «Report» portalynyň habarynda bellenýär.