Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Malta Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna gyzyklanma bildirýär

13:5619.10.2024
0
1471
Malta Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna gyzyklanma bildirýär
Surat: trend.az

Malta Respublikasynyň Prezidenti Miriam Spiteri Debono Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen bagly gutlag hatyny ýollady.

TDH-nyň beýan edişi ýaly, hatda şeýle diýilýär:

– Malta Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geografik taýdan uzakda ýerleşýändiklerine garamazdan, Malta Respublikasy we Türkmenistan özara hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklaýarlar. Geljek ýylda halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary açylar diýip umyt edýärin. Şeýle hem gyzyklanma bildirilýän meseleleri çözmek maksady bilen, özara hyzmatdaşlygymyzyň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Malta Respublikasy Ýewropa Bileleşigine agza döwlet hökmünde bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini işjeň goldaýar. Munuň özi sebit başlangyçlarynda, şol sanda geçen ýylyň oktýabrynda Brýusselde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň 19-njy duşuşygynda makullanan ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynda” öz beýanyny tapdy.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyza bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň