Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurduň dürli künjeklerinden gelen zehinli çagalaryň ençemesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna saglygyny dikelden we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alan zehinli çagalar hem bar.
Şu ýyl bu arzyly baýraga ýaş türkmenistanlylaryň 100-e golaýy mynasyp boldy.
Gulbaba adyndaky çagalar baýragy bilen sylaglanylanlaryň arasynda çagalar döredijilik toparlary-da bar.