«HotCars» awtoulag portaly 2024-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulag brendlerini sanady diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Munuň üçin geçen ýylyň dowamynda 300 müňden gowrak (2000-2024-nji ýyllarda goýberilen kysymlar) awtoulaglara baha berildi. Şunda togtadyjynyň ses etmeginden hereketlendirijileriň çynlakaý döwülmegine çenli ähli ýagdaýlaryň sanawy düzüldi.
Netijede, sanawda ilkinji orunda ýaponlaryň «Subaru» ulagy ýerleşdi, onuň ygtybarlylygy 68 bal kesgitlendi. Bu brend awtoulag ýygnalyşynyň ýokary hili we uzak ömürlüligi bilen tapawutlanýar.
Ikinji orunda 65 bal bilen «Lexus» ulaglary ýerleşdi. Bu ulaglar özünde ýokary ygtybarlylygy we oňaýlylygy jemleýär.
Üçünji orunda ygtybarlylygyň jedelsiz şasy hasaplanýan «Toyota» orun aldy, geçen ýylda bu ulaglaryň ygtybarlylyk derejesi 62 bala deň boldy.
2024-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglarynyň onlugyna «Honda», «Acura», «Mazda», «Audi», «BMW», «Kia» we «Hyundai» girdi.