Birnäçe arap döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine ýetip gelen täze ýyl mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler.
"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna, hususan-da, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa, şeýle-de Marokkanyň Patyşasy Mohammed VI gutlag hatlaryny ýolladylar.
Gutlaglary iberenler öz hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikler, şeýle hem Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, täze ýylda rowaçlyk, abadançylyk, ähli asylly maksatlaryň hasyl bolmagy bilen bagly iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.