Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy kabul edildi

14:3913.10.2024
0
6012
Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy kabul edildi
Surat: tbmm.gov.tr

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 11-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de ýurtda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

D.Gulmanowa şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýe döwletine boljak sapary bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi.

Тaraplar netijeli parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň