Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

20:2712.10.2024
0
10802
Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Surat: president.mn

Ozal habar berşimiz ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu onuň Türkmenistana ilkinji döwlet saparydyr.

Mongol Lideriniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, şu gün iki ýurduň arasynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler we metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etmek tamamlanansoň, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra bu ýerde ýerleşýän «Hormatly myhmanlar» seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň