Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Astrahanda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň VII halkara talyplar uniwersiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

19:4212.10.2024
0
16887

7 — 12-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriň arasynda Hazarýaka ýurtlaryň VII halkara talyplar uniwersiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk istitutynyň talyplaryndan düzülen ýygyndy topar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan) metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanly talyp türgenler halkara uniwersiadada sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, şaşka we küşt görnüşleri boýunça bäsleşip, 5 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular.

Halkara uniwersiadada Türkmenistanyň Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de Astrahan sebitiniň uniwersitetlerinde Gaitiden, Senegaldan, Marokkodan, Kamerundan, Gwineýa-Bissaudan, Çaddan, Tunisden, Müsürden we Ganadan gelen talyplar özara bäsleşdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň