Top.Mail.Ru

Arhiw

Arkadag şäherinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnama gowşuryldy

11:0613.10.2024
0
15323

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň teklip eden milli hödürnamasynyň esasynda ÝUNESKO tarapyndan ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen hem tanyşdylar. Bu ýerde behişdi ahalteke bedewlerine, olaryň taryhyna, milli seýisçilik sungatyna we atlary bezemegiň häzirki zaman ýörelgelerine bagyşlanan maglumatlar, dürli suratlar çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sergide görkezilen gymmatlyklaryň hatarynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halyçylyk däpleriniň oňyn ýörelgeleri, dürli görnüşli zergärçilik önümleri we bedewleriň bezegi hasaplanylýan şaý-sepler bar.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ahalteke atçylyk sungatyny hem-de behişdi türkmen bedewlerini bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky Kararyň bu guramanyň 2023-nji ýylyň dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. Onda Türkmenistanyň öňe süren teklibi bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku dabarada çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Prezidentini hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyny we tutuş türkmen halkyny ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady hem-de ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubyna baryp gördüler. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde gazanan netijeleri baradaky maglumatlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Özüniň çeýeligi, owadanlygy we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan bedewlere atlanan ýaşlar çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirip, bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň