Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasynda geçen aýyň jemleri boýunça haryt dolanyşygy 23,81 göterim ösdi we 105,59 mlrd iýene ýa-da 743 million dollara deň boldy. Bu 2022-nji ýylyň awgustyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Bu barada Ýaponiýanyň Maliýe ministrligine salgylanýan TASS habar berdi.
Ýaponiýadan harytlaryň rus bazaryna eksporty 17,9 göterim, 27,4 mlrd iýene çenli ýokarlandy. Şunda ýapon eksportynyň 60 göterimi awtoulaglara degişlidir.
Russiýa Federasiýasy Ýaponiýa 78,1 mlrd iýenlik haryt iberdi (26 göterim ösüş). Esasy paý energiýa göterijilerine degişli boldy (70 göterime golaý) diýlip, habarda bellenýär.