Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi

11:2318.09.2024
0
8036

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana bir günlük iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolanyp geldi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Astanada geçirilen sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow nemes işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Şeýle-de Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň, esasanam, sebit howpsuzlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk we daşky gurşaw ugurlarynda möhümdigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn ünsi çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny belledi. Şeýle hem ulag, energetika, senagat önümçiligi we maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary görkezip, has ýakyn ykdysady gatnaşyklara çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutany “ýaşyl” mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, ony bu formatyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegi hem-de eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynyň çäginde ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady we bu duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady. Iki ýarym sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň