Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kofäniň bahasy soňky 13 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady

17:1317.09.2024
0
3866
Kofäniň bahasy soňky 13 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Surat: gazeta.ru

Kofäniň ICE Futures biržasyndaky nyrhy soňky 23 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady. Muňa söwda peýdançasynyň saýtyndaky maglumatlar güwä geçýär diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýagny arabika sortundan bolan bu içginiň dekabr aýy üçin fýuçersleriniň bahasy ady agzalan biržada bir funt üçin 3,3 göterim, 2,68 dollara çenli gymmatlady. 2024-nji ýylyň başyndan bäri, has arzan robusta sortdan bolan içginiň gytlygy sebäpli, nyrhlar takmynan 40 göterim ýokarlandy.

Kofäniň bahasynyň gymmatlamagyna daşamalaryň ýetmezligi sebäp boldy diýip, «Bloomberg» ýazýar. Bazara gatnaşýanlar arabika sortuny esasy öndüriji bolan Braziliýada önümçiligiň peselmegine garaşýarlar. Yssy howa we guraklyk bu ýurtdaky kofe meýdanlaryna uly zeper ýetirdi.

Kofäniň dünýä önümçiliginiň üçden bir bölegini üpjün edýän Braziliýanyň oba hojalyk sebitleriniň köpüsi 2024-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda 1981-nji ýyldan bäri iň güýçli guraklyk bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň