Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýada zenanlaryň hukuklaryny goramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

17:2713.09.2024
0
6859

Hywa şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahatynyň çäklerinde zenan deputatlaryň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine işjeň gatnaşmagyny güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Has takygy, parlamentara maslahatyň üçünji bölümçe mejlisi hut şol meselä bagyşlanyldy. Onda Türkmenistana Mejlisiň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Enejan Ataýewa wekilçilik etdi.

Mejlisde edilen çykyşlarda geçen döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda, olaryň jemgyýetçilik we döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde ägirt uly üstünlik gazanandyklary nygtaldy. Hususan-da, bu babatda degişli başlangyç esasynda 2020-nji ýylda sebitdäki zenanlaryň hukuk meselelerine bilelikde garamak we tejribe alyşmak maksady bilen abraýly halkara guramalary bilen bilelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň döredilendigine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň Baştutanlarynyň goldawy we tagallalary netijesinde Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy goramak tagallalarynyň bir bölegi hökmünde gender deňligi meselelerinde we zenanlaryň ösüşi üçin uzak möhletli çözgütleri işläp düzmekde täsirli sebit platformasyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda işjeňligini ýokarlandyrmak üçin täze başlangyçlary öňe sürdüler we bu ugurdaky tagallalary we mümkinçilikleri utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň gün tertibinden Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlary sebitleriň durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge çekmek, şol sanda olaryň 2030-njy ýyl üçin Ählumumy gün tertibiniň 5-nji maksadynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselesi barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň