Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:3513.09.2024
0
10649

Türkmenistanda Wengriýanyň täze ilçisi işe başlady, AÖB Türkmenistandaky taslamalar üçin 625 million dollar bölüp berdi, Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti resmi sapar bilen Aşgabada geldi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rož wezipe borçlaryna girişdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ilçiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, işinde üstünlikleri arzuw etdi.

2. Aziýa ösüş banky Türkmenistanda maýa goýum taslamalary üçin 625 million dollar bölüp berdi, olaryň biri tamamlandy, beýlekisi bolsa dowam edýär. Şeýle hem AÖB institutlary pugtalandyrmak we olaryň kuwwatyny artdyrmak üçin 11 million dollarlyk tehniki goldawy berýär. 2024-nji ýylyň awgust aýynda AÖB 2024 – 2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze strategiýasyny tassyklady. Bu Strategiýanyň umumy maksady Türkmenistana ösen, howanyň üýtgemegine durnukly we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýet döretmek ugrundaky tagallalarynda goldaw bermekden ybaratdyr.

3. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy öz saýtyny we mobil goşundysyny täzeledi. Ýolagçylar indi bir gezekde 10 sany gatnaw petegine çenli satyn alyp we olary onlaýn görnüşde yzyna gaýtaryp bilerler. Petegiň resminamasynyň PDF görnüşinden QR kody skanirläp, gatnaw peteginiň ýagdaýyny barlamak funksiýasy hem goşuldy. Täze saýtda 20-nji sentýabrdan soňky seneler üçin gatnaw peteklerini satyn alyp bolýar. Köne saýt bolsa diňe 19-njy sentýabra çenli niýetlenen petekleri satyn almak üçin işlär.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Hywa şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahatyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy parlamentler derejesinde goldamaga, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmaga gönükdirilendir.

5. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetleriň ösüşi we dünýä tejribesiniň iň möhüm ugurlaryň öwrenilişi» atly onlaýn maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Akademiýanyň galereýasynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Maslahata gatnaşyjylar sungat eserleri we senetçileriň döredijiligi bilen tanyşdylar. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet pudagyna innowasiýalary girizmek we däp-dessurlary gorap saklamak boýunça Serişdeler Merkeziniň wekilleri bilen bilelikde guraldy.

Dünýäde

6. 14-nji sentýabrda Moskwadaky Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde (WDNH) ahalteke atlarynyň Bütinrussiýa sergi-şüweleňi geçiriler. Taryhy bäş müň ýyldan gowrak döwre uzaýan bu gadymy tohum Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirildi. Bu çäre Russiýanyň Ahalteke atçylyk hojalyklarynyň birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy. Oňa Russiýanyň öňdebaryjy atçylyk kärhanalaryndan we hojalyklaryndan bu tohumyň 30-dan gowrak naýbaşy wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar. Esasy sergiden başga-da, tomaşaçylar atlaryň çykyşlaryndan we türkmen medeniýetine mahsus bolan atlar üçin baýramçylyk bezegleriniň görkeziljek «Adaty bezegler» bäsleşiginden lezzet alyp bilerler.

Sport habarlary

7. Şu gün Halkara gimnastika federasiýasynyň prezidenti Morinari Watanabe resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi we Türkmenistanyň paýtagtynyň sport infrastrukturasy bilen tanyşdy. Watanabe Olimpiýa şäherjigindäki gimnastika zallaryny gözden geçirenden soň, ýaş türkmen türgenleriniň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we olaryň ösüşini goldamaga taýýardygyny aýtdy. FIG-niň prezidenti Türkmenistanda türgenleşik üçin döredilen ajaýyp şertleriň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny belledi hem-de özünde galan täsirleri Ýaponiýadaky we Hytaýdaky kärdeşleri bilen paýlaşandygyny aýtdy. Ol Halkara gimnastika federasiýasynyň Türkmenistanda bu sportuň ösmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem Morinari Watanabe geljekki Olimpiýa oýunlaryna türkmen gimnastikaçylarynyň gatnaşmagyna umyt bildirip, munuň türgenler we federasiýa üçin umumy arzuwdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň