Top.Mail.Ru

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

08:0707.09.2024
0
6730

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurduň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýarlar.

Konsert başlanmazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan çagalar Aşgabatda ýurduň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaşajyk zehinli aýdymçylar, tans, aýdym-saz we folklor toparlary bäsleşdiler. Ýaşajyk artistler Watany, halky, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar ýaş zehinlere bagtyýar çagalygy peşgeş beren beýik ýurduň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Bilelikde ýerine ýetirilen “Biz Watanyň merjen däneleri” atly aýdym döredijilik baýramçylygynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy.

Dabaraly konsertiň ahyrynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesil barada edýän aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanynyň döredijilik bilen meşgullanmak we Watanyň şan-şöhratyny artdyrmak baradaky öwüt-ündewlerine mundan beýläk-de eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň