2024-nji ýylyň 7 aýynda Türkmenistan Özbegistana eksportyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 75 göterim artdyrdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.
2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 671 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 287,7 million amerikan dollary möçberinde ýa-da 75 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 6-njy orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 69,8 million amerikan dollaryna deň boldy.
Umumylykda 2024-nji ýylyň 7 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 740,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende, 50,4 göterim ýokarydyr. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy ýeri eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 36 milliard 835 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 14 milliard 786 milliony eksportyň, 22 milliard 49 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.