Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arslan Goşşanow Ýokary liganyň 22-nji tapgyrynyň «Arkadag» bilen «Ahalyň» arasynda geçjek oýnuna baş emin bellendi

08:4204.09.2024
0
7487

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (FFT) metbugat gullugy 2024-nji ýylyň möwsüminiň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň oýunlaryna bellenen eminler barada maglumat berdi. Tapgyryň «Arkadag» bilen «Ahal» toparlarynyň arasynda geçjek iň esasy oýnuna Tejen şäherinden Arslan Goşşanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder.

Bu duşuşyk Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçiriler, oýun 17:30-da başlanar. Şol bir wagtyň özünde, «Altyn Asyr» Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Sport toplumy» stadionynda «Nebitçi» toparyny kabul eder, «Merw» bolsa Marydaky öz meýdançasynda «Aşgabat» topary bilen duşuşar. 18:00-da Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda «Şagadam» topary «Köpetdag» bilen duşuşar.

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň 2024-nji ýylyň möwsüminiň 22-nji tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi:

  • 04-nji sentýabr, çarşenbe
  • «Arkadag» – «Ahal»
  • Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
  • Başlanýan wagty: 17:30
  • Duşuşygyň baş emini: A. Goşşanow (Tejen ş.)
  • Kömekçi eminler: E. Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M. Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
  • Ätiýaçdaky emin: J. Jumamyradow (Aşgabat ş.)
  • Gözegçi emin: Ç. Gurbanow (Aşgabat ş.)
  • «Şagadam» – «Köpetdag»

Geçirilýän ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 18:00

  • Duşuşygyň baş emini: P. Pälwanow (Daşoguz ş.)
  • Kömekçi eminler: N. Garajaýew (Aşgabat ş.), A. Jumaýew (Mary ş.)
  • Ätiýaçdaky emin: A. Annamyradow (Balkanabat ş.)
  • Gözegçi emin: B. Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
  • «Merw» – «Aşgabat»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 17:30

  • Duşuşygyň baş emini: B. Haknazarow (Aşgabat ş.)
  • Kömekçi eminler: E. Annamyradow (Balkanabat ş.), A. Weliýew (Änew ş.)
  • Ätiýaçdaky emin: W. Baluýans (Türkmenabat ş.)
  • Gözegçi emin: R. Japarow (Aşgabat ş.)
  • «Altyn Asyr» – «Nebitçi»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş., Büzmeýin etr.)
Başlanýan wagty: 17:30

  • Duşuşygyň baş emini: A. Sapaýew (Daşoguz ş.)
  • Kömekçi eminler: A. Begnazarow (Mary ş.), M. Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
  • Ätiýaçdaky emin: H. Gurbanow (Aşgabat ş.)
  • Gözegçi emin: R. Pälwanow (Daşoguz ş.)
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň