Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň woleýbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň sebitleýin böleginde üçünji ýeňşini gazandy

15:4914.10.2024
0
9612

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli woleýbol ýygyndysy şu günler Şri-Lankada dowam edýän yklym ýaryşynyň sebitleýin böleginde üçünji ýeňşini gazandy. Bu duşuşykdaky garşydaş ýer eýeleri – Şri-Lankanyň ýygyndysy boldy.

Duşuşykda türkmen woleýbolçylary 3-1 (25-22, 25-18, 22-25, 25-16) hasabynda ýeňiş gazandy. Şunda türkmen ýygyndysyndan Baýramgeldi Berdiýewiň iň netijeli oýunçy bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol jemi 11 utugy öz adyna ýazdyrdy. Ezber woleýbolçy utuklarynyň 4-sini blokdan, 2-sini bolsa eýs urgusyndan gazandy. Başga bir türkmen woleýbolçysy Ýazmyrat Merdanow bolsa gazanylan ýeňşe 10 utuk bilen goşant goşdy.

Mundan ozal türkmen woleýbolçylarynyň Maldiwleriň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylaryny ýeňendigini ýatladýarys. Olar ýaryşda diňe Özbegistanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňildiler. Häzir türkmen woleýbolçylarynda ýaryşy ilkinji iki ornuň birinde tamamlap, Aziýanyň kubogynyň final tapgyryna gatnaşmak üçin aýgytlaýjy duşuşygy geçirmäge mümkinçiligi bar. Bu duşuşykdaky garşydaş Özbegistanyň ýygyndysy bolsa gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň