Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda "KazMunayGaz" golçur kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

16:4714.10.2024
0
32722

Aşgabatda Gazagystanyň KMG Drilling and Services kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Ol Türkmenistanda Çeleken ýatagynda burawlaýyş işleri bilen baglanyşykly işleri dowam etdirer. Bu barada Gazagystanyň milli nebit kompaniýasy "KazMunayGaz"-yň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp nCa habar berýär.

Burawlaýyş işleri Gazagystanda gurlan ilkinji deňiz özi ýokarlanýan ýüzüji burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti tarapyndan amala aşyrylar. Bu desganyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylandygy bellenilýär.

KMG Drilling & Services HJ - "KazMunayGaz"-yň golçur kompaniýasy bolup, Hazaryň gazak böleginde burawlamak hyzmatlarynyň esasy üpjün edijisidir we ilkinji deňiz burawlaýyş desgasy (SPBU) Satti-niň eýesidir. Kompaniýa 2008-nji ýylda esaslandyryldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde "KazMunayGaz" milli kompaniýasy bilen "Türkmennebit" döwlet konserni Hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler. Ähtnama boýunça işler nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen we iki tarap üçin hem täze mümkinçilikleri açýar diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň