Turkmenportal logo
16.10.24
1847818478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Azmun Eýranyň uly hasaply ýeňşine goşa gol bilen ýardam etdi
Serdar Azmun Eýranyň uly hasaply ýeňşine goşa gol bilen ýardam etdi

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň saýlama böleginiň dördünji tapgyrynda Kataryň ýygyndysyny kabul edip, 4:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Sardar Azmun (42-nji we 48-nji minutlar) hem-de Mohammad Mohebi (65-nji we 90+8-nji minutlar) geçirdiler Katar toparynyň ýeke-täk goluny Almoez Ali (17-nji minut) geçirdi.


Şeýle hem, şol gün geçirilen beýleki duşuşyklarda Özbegistanyň futbolçylary BAE-niň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdiler, Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolsa KHDR-i 1:0 hasabynda utdy. Eýran we Özbegistanyň ýygyndylary A toparçada 4 oýundan soň 10 utuk bilen öňdeligi saklaýarlar. BAE we Katar 4 utuk bilen 3-nji we 4-nji orunlary paýlaşýarlar, Gyrgyzystan (3 utuk) we KHDR (2 utuk) olaryň yzyndan gelýärler.


Geljekki duşuşyklarda, Eýran 14-nji noýabrda KHDR bilen oýnar, Özbegistan Katara garşy çykyş eder, Gyrgyzystan bolsa BAE-niň ýygyndysy bilen duşuşar. 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçiriler. Aziýanyň saýlama tapgyryndan final bölegine göni 6 ýygyndy ýollanma gazanar.