Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä belli küştçi Naýjel Şort Türkmenistana geldi we Küşt federasiýasynyň kubogy ugrundaky blis-ýaryşynyň ýeňijisi boldy

14:0114.10.2024
0
18270

1993-nji ýylda dünýä çempiony adyna eýe bolmak ugrunda Garri Kasparowyň garşysyna oýna gatnaşyp, dünýäde meşhurlyk gazanan küştçi Naýjel Şort Aşgabatda bir hepde saparda boldy we 9-njy oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda birnäçe möhüm çärä gatnaşdy. 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogy ugrundaky geçirilen blis ýaryşyna gatnaşmagy onuň ýurdumyza saparynyň iň ýokary derejesi boldy. FIDE-niň reýtinginde blis ýaryşy boýunça 2571 görkezijisine eýe bolan Naýjel Şort mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanyp, ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar berşine görä, bu ýaryşa Aşgabatdan halkara grossmeýster Maksat Atabaýew we sport ussatlygyna kandidat Amanmuhammet Hommadow hem gatnaşdy, olaryň hersi 7,5 utuk toplady, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça olar degişlilikde ikinji we üçünji orny eýelediler. Atabaýew Şort bilen geçiren oýnuny deňme-deň tamamlady, Hommadow meşhur grossmeýsterden üstün çykan hem bolsa, beýleki oýunlarda zerur bolan utuklaryny ýitirdi.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon hem gatnaşdy, onuň hut özi watandaşyna altyn medaly gowşurdy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogyna jemi 300-den gowrak küştçi gatnaşdy, dürli derejelerde çykyş eden 45 ýeňiji bolsa kuboklara, medallara, şahadatnamalara we pul baýraklaryna mynasyp boldy.

Daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Naýjel Şort we Beýik Britaniýanyň ilçisi türkmeniň milli lybaslaryny geýip, Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebindäki küşt muzeýine baryp gördüler. Küşt we şaşka mekdebindäki mallary düzülen uly küşt tagtasy olarda aýratyn gyzyklanma döretdi, onda myhmanlar «Iňlis başlangyjy» bilen küşt oýnuna badalga berdiler.

Aşgabada saparynyň çäklerinde Naýjel Şort ýaş küştçileriň onusy bilen bir wagtda köp tagtada küşt oýnama seansyny geçirdi. Ol iki sagatdan gowrak dowam etdi we onda dünýä belli ussat küştçi ähli oýunlaryny ýeňiş bilen tamamlady. Ýaş türgenler bu diýseň gyzykly geçen oýundan gymmatly tejribe topladylar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň tälimçileriniň we tanymal küştçileriniň haýyşy boýunça Naýjel Şort küştçileriň we tälimçileriň hünärlerini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda küşt sportunyň ýokary ösen derejesiniň bardygyny we ýaş türkmen küştçileriniň zehinlidiklerini belläp geçdi. Meşhur küştçi Naýjel Şort Türkmenistanyň iň ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmeklige taýýardygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň