Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi

11:4519.10.2024
0
2335
Mask Osloda geçjek işewürlik agşamlygyndan ýüz öwürdi
Surat: gazeta.ru

«E24» gazetiniň ýazmagyna görä, dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask 2025-nji ýylyň aprelinde Oslo şäherinde geçjek işewürlik agşamlygyna gymmatlygy sebäpli gitmekden ýüz öwürdi diýip, TASS ýazýar.

Oslodaky agşamlygy Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasynyň (nebit gaznasy) ýolbaşçysy Nikolaý Tangen guraýar, emma Mask oňa gatnaşmagyň özi üçin gaty gymmat düşjekdigini aýtdy diýlip, habarda bellenýär.

«E24» neşiriniň ýazmagyna görä, işewürleriň duşuşygyna «Ferrari», «Novo Nordisk», «Nestle», «DoorDash», «Adidas» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.

«Forbes» žurnalynyň reýtinginde Ilon Mask üçünji ýyldyr, iň baý amerikalylaryň sanawynyň başyny çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň