Güýzüň öňüsyrasynda Daşoguz welaýatynda gyş sarymsagyny ekmek işleri başlandy. Welaýatda sarymsak üçin ýene-de 780 gektar ýer bölünip berlipdir.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, Akdepe etrabynda sarymsak has-da köp ekilýär, etrabyň ekerançylary gektaryň hasyllygyny ortaça 80 sentnere ýetirip, 1680 tonna sarymsak ýygnamagy meýilleşdirýärler.
Şeýle hem Boldumsaz etrabynda hem 1200 tonna sarymsak hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Daşoguz welaýatynda gyş sarymsagynyň köpçülikleýin ekilip başlanyna köp wagt bolmadyk hem bolsa, ýerli daýhanlar ony ösdürip ýetişdirmekde eýýäm ýeterlik tejribe topladylar diýlip, habarda bellenilýär.