Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Botswananyň Prezidentine ýüzýyllykdaky iň uly almaz daşy görkezdiler

13:5126.08.2024
0
5929
Botswananyň Prezidentine ýüzýyllykdaky iň uly almaz daşy görkezdiler
Surat: mir24.tv

Afrikanyň günortasynda, ýagny Botswanadan tapylan, adamzadyň taryhyndaky ululygy boýunça ikinji almaz daşy bu ýurduň Prezidentine görkezdiler. Magdan daşyny synlan Botswananyň döwlet Baştutany öz tolgunmasyny saklap bilmedi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Gymmatbaha daşyň agramy tas ýarym kilogram bolup, ol 1905-nji ýylda tapylan «Afrikanyň uly ýyldyzy» göwher daşyndan soňra ikinji uly göwrümli almazdyr.

Daşa häzir at oýlap tapanoklar. Bilermenler onuň bahasyny aýtmaga gyssanmaýarlar. Ondan biraz kiçi almaz daşy öň 63 million dollara satyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň