Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi

17:2714.08.2024
0
7694
Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi
Surat: rg.ru

Paragwaýyň milli Wori wori çorbasy «Tasta Atlas» žurnaly tarapyndan dünýäde iň tagamly çorba diýlip yglan edildi. Çorbalaryň jemleýji sanawyna dürli ýurtlardan bu tagamlaryň 50-si girdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Wori wori çorbasy geçen ýyl hem ýeňiji boldy. Şonda ol dünýäniň öňdebaryjy aşpezleri tarapyndan 4,7 utuk aldy. Indi bu günortaamerikan çorbasy indonez çorbasyndan (Rawon we Soto betawi), şeýle hem ýaponlaryň Ramen çorbasynyň iki görnüşinden 4,8 utuk bilen öňe saýlandy.

Wori wori hamyrdan we peýnirden edilen kiçeňräk logalaly goýy çorbadyr. Oňa towuk ýa-da sygyr eti, käşir, seldereý we sogan goşulýar. Tagama hoşboý ys bermek üçin adatça oregano, gwozdika ýa-da zagpyran bilen äberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň