Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şähere iş saparynyň barşynda «Arkadag» futbol toparynyň üstünliklerini belledi

17:0123.09.2024
0
15053

Türkmen halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda ýerli futbol toparynyň gazananlaryna aýratyn üns berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze «akylly» şäherde sporty ösdürmegiň möhümdigini nygtamak bilen, «Arkadag» futbol klubynyň gazanan üstünlikleriniň şäheriň halkara sport giňişligine aralaşmagyna giň ýol açýandygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň barşynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny belledi. «Arkadag» futbol topary geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony boldy. Onuň şu ýylky görkezijileriniň hem ýokary derejä eýedigi «Arkadag» futbol toparynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sportuň medeni çäreler bilen utgaşdyrylmagy jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlary täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrmakda hem ähmiýetlidir.

«Arkadag» toparynyň şu möwsümde täsirli netijeleri görkezmegini dowam etdirip, 22 oýunda 66 oçko bilen Ýokary liganyň ýaryş tertibinde öňdeligi eýeleýändigi bellenmelidir. Oktýabr aýynda topar Maldiwleriň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň klublary bilen duşuşyp, AFK Çagyryş ligasynda ilkinji gezek çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň